Apple I çärýekde smartfon satuwy boýunça öňdeligini Samsung-a geçirdi

  • 16.04.2024 19:54
  • 6.6k+

2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Apple kompaniýasynyň smartfon satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,6% azaldy. Bu maglumatlar International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasynyň hasabatyndan gelip çykýar. Bellenilen döwürde 50,1 mln iPhone satyldy (2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 55,4 mln), kompaniýanyň bazardaky paýy 17,3% boldy.

Kompaniýanyň pes görkezijileri Hytaýda satuwyň azalmagy bilen baglanyşdyrylýar (Counterpoint Research-yň analitikleriniň hasaby boýunça, ýylyň başynda ol 24% pese gaçdy).
Şeýlelikde, Apple ýene-de iň uly smartfon öndürijileriniň reýtinginde birinji orny Samsung-a berdi. Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň satuwy 0,7% azalyp, 60,1 mln gurluş boldy, bazar paýy 20,8%-e barabar (2023-nji ýylyň jemi boýunça Apple Samsung-dan öňe geçdi: satuwlar, degişlilikde, 234,6 mln we 226,6 mln telefon boldy).
2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça üçünji orunda 40,8 mln smartfon ýola goýup, bazaryň 14,1%-ini eýelän Xiaomi ýerleşdi. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Hytaýyň Transsion (28,5 mln smartfon, 9,9%) we Oppo kompaniýalary (25,2 mln, 8,7%) girdi. Transsion-yň satuwy 85%, Xiaomi-niň satuwy 33,8% ýokarlandy.
Ýylyň ilkinji üç aýynda jemi 289,4 mln smartfon satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 7,8% köpdür.


09.06.2026 22:05
2k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......