ABŞ-da itler üçin awiakompaniýa peýda boldy, olar salonda uçarlar

  • 16.04.2024 14:18
  • 11k+

Amerikanyň itler üçin oýnawaç öndürijisi Bark adamlary we olaryň öý haýwanlaryny gatnatmak üçin niýetlenen çarter uçuşlaryny işe girizdi. Häzirlikçe Bark Air iki ugry hödürleýär: Nýu-Ýork – Los-Anjeles we Nýu-Ýork – London diýip, New York Post habar berýär.

Bir taraplaýyn uçuş 6000-8000 dollara düşer. Bu baha esasynda itlere we olaryň eýelerine birinji derejeli hyzmat kepillendirilýär.
Belläp geçsek, adaty gatnawlarda kiçi haýwanlara salonda uçmaga rugsat berilýär, uly haýwanlar bolsa ýük goýulýan bölümde gitmeli bolýar. Bulardan tapawutlylykda, Bark Air ähli haýwanlary ýolagçy kürsülerinde ýerleşdirýär.
Uçuşdan we gonuşdan öň itlere gulagyň dykylma ýagdaýyny aýyrmaga kömek edýän ýörite içgi hödürlenýär. Salonda rahatlandyryjy sazlar ýaňlanýar, stýuardlar bolsa itlere lawandaly we feromonly ýyly polotenseleri, şeýle-de dürli tagamlary, galmagaly basyjy nauşnikleri we rahatlandyryjy ýeňsizleri paýlaýarlar.
Bark Air-iň ilkinji gatnawlary maý aýynda bolar. Petekleriň bahasynyň gymmatlygyna garamazdan, awiakompaniýanyň itler üçin pikiri eýýäm köp öý haýwanlarynyň eýelerinden oňyn seslenme aldy.


düýn 16:26
3.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
14k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......