Magtymguly Pyragynyň goşgulary serb diline terjime ediler

  • 15.04.2024 13:58
  • 3.3k+

Serbiýanyň Russiýadaky ilçisi Momçilo Babiç türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde nusgawy türkmen şahyrynyň eserlerini serb diline terjime etmäge ýardam bermek isleýändigini aýtdy. Bu barada ol 12-nji aprelde Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen geçirilen duşuşykda mälim etdi.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasynda ykdysadyýet, söwda, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Esen Aýdogdyýew halkara arenasyndaky netijeli özara gatnaşyklary bellemek bilen, BMG-niň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edýän rezolýusiýasyny goldaýandygy üçin Serbiýa minnetdarlyk bildirdi.
Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, olary sylagly, deň hukukly we geljegi uly diýip bellediler.
Momçilo Babiç türkmen kärdeşini Magtymguly Pyragynyň ýubileýi bilen gutlap, bu wakanyň dürli ýurtlarda giň gerimde bellenilýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de, ol Moskwada şahyra bagyşlanylyp geçirilen halkara maslahata ýokary baha berdi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......