2025-2026-njy ýyllar üçin GDA-nyň sport paýtagtlary kesgitlenildi

  • 15.04.2024 06:02
  • 4.1k+

12-nji aprelde Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri, Ermenistanyň, Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew gatnaşdy.
Dar düzümdäki duşuşykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara gün tertibindäki wajyp meseleler we Arkalaşygyň meýdançasyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri barada çözgüde gelindi we ony 2024-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwada geçirmek meýilleşdirildi.
Giňişleýin düzümdäki duşuşykda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlara ugradylýan wekiliýetleriň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň taslamasyna garamak ýaly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň agzalary agzalan resminamany golladylar.
Daşary işler ministrleri ýakyn iki ýyl üçin GDA-nyň sport paýtagtlaryny kesgitlediler. Hususan-da, 2025-nji ýylda Ganja şäheri (Azerbaýjan Respublikasy) Arkalaşygyň Sport paýtagty derejesini alar, 2026-njy ýylda Almaty şäheri (Gazagystan Respublikasy) GDA-nyň sport merkezine öwrüler.
Duşuşykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmeginiň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly Beýannama hem gol çekildi.
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Minsk şäherinde Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji duşuşygy geçirildi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....