Arman Sarukýan UFC 300-de dalaşgärler söweşinde Çarlz Oliweýradan üstün çykdy

  • 14.04.2024 14:38
  • 17k+

UFC-niň 300-nji belgili ýubileý ýaryşynda braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen ermenistanly Arman Sarukýanyň arasynda dalaşgärler söweşi geçirildi. “Ti-Mobaýl Arenada” geçirilen söweş emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Arman Sarukýanyň ýeňiş gazanmagy netijesinde tamamlandy.

Jedelli birinji raunddan soňky raundlar Sarukýanyň agalyk etmegi bilen geçdi. Indi Sarukýanyň hasabynda 22 ýeňiş we üç ýeňliş bar. Oliweýranyň hasabynda 34 ýeňiş we 10 ýeňliş bar.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt bu söweşiň ýeňijisiniň ýeňil agram derejesinde çempion Islam Mahaçew bilen titul söweşini geçirjekdigini aýtdy. Çempionyň özi indiki garşydaşynyň Dastin Porýedigini belläpdi, söweş iýun aýynda geçirilmeli.


düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......