Kolorado kitaphanasyndan alnan kitap 105 ýyldan soň gaýtarylyp berildi

  • 14.04.2024 14:27
  • 7.1k+

Kolorado ştatynyň kitaphanasy resmi web sahypasynda 105 ýyl mundan ozal getirilmeli bir kitabyň ýaňy-ýakynda yzyna gaýtarylyp berlendigini habar berdi.

Walter Skottyň «Aýwengo» atly taryhy romanynyň gapagyndaky maglumatlara seretseň, kitap 1919-njy ýylyň 13-nji fewralynda yzyna berilmelidi. Şeýle-de bolsa, şu ýyl bir aýal eseri kitaphana getirdi we doganynyň Kanzasda ejeleriniň goşlaryny tertipläp ýörkä ony tapandygyny aýtdy.
Kanuna görä, kitap wagtynda yzyna gaýtarylmasa, eýesine günde iki sent jerime salynýar. Eseri almak üçin habarçy iberilse, goşmaça 25 sent tölenýär.
Şeýlelik bilen, yzyna gaýtarylmadyk roman üçin jerime 14 müň dollara barabar boldy. Bolsa-da, Kolorado kitaphanasy 2020-nji ýylyň noýabr aýynda jerime tölegini almagyny bes etdi.


25.06.2026 14:47
4.8k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....