Häzirki zaman USB Type-C bolan düwmeli Nokia telefonlary çykdy

  • 14.04.2024 14:23
  • 11k+

HMD kompaniýasy birbada üç sany täze düwmeli telefon çykardy: Nokia 6310 (2024), 5310 (2024) we 230 (2024). Bu barada GSMArena portaly habar berýär.

Nokia 6310 – bu 1450mAs sygymly akkumulýatory we ÝB-niň talaplaryna laýyk gelýän USB-C porty bolan 2021-nji ýylda çykan modeliň kämilleşdirilen görnüşidir. Galan aýratynlyklar öňküligine galýar: telefonda henizem 2,8 dýuým LCD displeý we goşa SIM kart üçin bölüm bilen üpjün edilýär ýeri bar.
Nokia 5310 2020-nji ýylda çykan telefonyň dizaýnyna eýedir, ýöne göwrümi 1450 mAs sygymly has uly batareýa sebäpli birneme uludyr. Mundan başga-da, täze önüm Unisoc 6531F çipi, 2,8 dýuým LCD displeý we USB-C porty bilen üpjün edilendir. Galan ýagdaýlarda Nokia 5310-yň öňküsinden tapawudy ýok: telefon esasy aýratynlygyny mediapleýeri dolandyryş düwmeleri görnüşinde saklaýar.
Üçünji täze önüm asyl dizaýnyny saklap, USB-C birikdirijisi we kämilleşdirilen 1450 mAs sygymly batareýa bilen üpjün edilen Nokia 230 boldy. Şeýle-de bolsa, telefonyň ölçegleri we beýleki aýratynlyklary öňküligine galýar.
Nokia telefonlarynyň üçüsiniň hem 2G ulgamynda işleýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda HMD täze önümleriň bahasyny aýan etmeýär.


19.07.2025 07:03
6.9k+

Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär

Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy...

15.04.2025 12:54
4.5k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.5k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...