“Baldur's Gate 3”  BAFTA Games Awards 2024 dabarasynda iň gowy oýun diýlip yglan edildi

  • 14.04.2024 14:15
  • 4.2k+

BAFTA Games Awards 2024 dabarasynda “Baldur's Gate 3”  bäş baýraga mynasyp boldy, şol sanda “Iň gowy oýun” diýlip yglan edildi. Netijeler guramanyň web sahypasynda çap edildi.

“Dungeons & Dragons” franşizasyna esaslanýan fantastiki RPG oýny “Baldur's Gate 3” jemi bäş baýrak aldy: “Iň gowy oýun”, “Iň gowy saz”, “Iň gowy hekaýa”, “Iň gowy ikinji derejeli keşbi janlandyryjy” (Endrýu Winkott) we “Ýylyň EE oýny”.
Beýleki ýeňijileriň hatarynda “Iň gowy oýun dizaýny” baýragyny alan “Dave the Diver”, “Iň gowy animasiýa” baýragyny alan “Hi-Fi RUSH” bar. “Cyberpunk 2077” 2023-nji ýylda çykan “Phantom Freedom” hekaýa goşundysy, düzedişler, täze mazmuny we mehanikasy üçin “Iň gowy täzelenen oýun” baýragyny aldy
“Alan Wake 2” oýny iki ugurda – çeperçilik üstünlikleri we ses ulgamyndaky üstünlikler üçin ýeňiji boldy. “Marvel's Spider-Man 2” filminde Maýlz Moralesiň keşbini ýerine ýetiren aktýor Naji Jeter “Iň gowy baş keşbi janlandyryjy” ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.
BAFTA Games Awards 2024 dabarasynda ýeňijileriň doly sanawyny guramanyň web sahypasynda görüp bilersiňiz.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......