Moskwada BRIKS oýunlarynyň şekili resmi taýdan tanyşdyryldy

  • 14.04.2024 14:09
  • 2.9k+

Moskwada geçirilýän «Biz bilelikde. Sport» atly forumda Tatarystanyň sport ministri Wladimir Leonow BRIKS oýunlarynyň şekilini resmi taýdan tanyşdyrdy.

«Biz oýunlaryň şekilini saýladyk we oňa Briksik diýip at goýduk. Kazanda geçirilen Uniwersiadada Barsik bardy, bu oýunlarda Briksik bolar» diýip, TASS Wladimir Leonowyň sözlerini getirýär.

BRIKS dokuz ýurduň: Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, BAE-niň, Eýranyň, Müsüriň we Efiopiýanyň döwletara birleşmesidir. BRIKS sport oýunlary şu ýylyň 12 – 23-nji iýuny aralygynda Kazanda geçiriler. Bäsleşige birleşmä agza ähli ýurtlardan türgenler geler. Umuman, çärä 50 dürli ýurtdan türgenler gatnaşar.
BRIKS guramasyna agza ýurtlardan gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji ýaryş 2016-njy ýylda Hindistanda geçirildi (şol döwürde birleşmä diňe 5 ýurt agzady). Bäsleşikler her ýyl geçirilip başlandy we ikinji oýunlar Guançžouda geçirildi. BRIKS oýunlary 2019 – 2021-nji ýyllar aralygynda geçirilmedi. Şu güne çenli iň soňky ýaryş 2023-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasynyň Durban şäherinde geçirildi.


30.01.2026 18:11
1.4k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...

30.01.2026 18:06
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen duşuşygy boldy. Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady...

24.01.2026 09:32
2.4k+

Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

23.01.2026 20:55
2.6k+

Russiýanyň DIM-nde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi

22-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň DIM-nde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň ýokary derejeli geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeler 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde guraldy...