Apple ulanylan bölek şaýlary peýdalanyp, iPhone-ny abatlamaga rugsat berer

  • 15.04.2024 06:08
  • 3.4k+

Apple iPhone-ny abatlaýyş syýasatyny ýumşadýar: 2024-nji ýylyň güýzünden başlap müşderiler we hyzmat merkezleri abatlaýyşda öň ulanylan bölekleri peýdalanyp bilerler.

Birinji tapgyrda batareýalary, displeýleri, kameralary we beýleki bölekleri çalyşmak mümkin bolar. Smartfon ulgamy zawodyň kalibrlemesi esasynda bölekleriň hakykylygyny kesgitläp biler.
Funksiýanyň diňe hakyky enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ulanmaga mümkinçilik berjekdigini bellemelidiris.
Çalşylan bölekler barada maglumat iPhone-nyň sazlamalarynda elýeterli bolar.
Geljekki modellerde Apple, şeýle-de, ulanylan biometrik datçikleri oturtmaga rugsat bermegi meýilleşdirýär.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...