Dünýäde iň ýagty ekranly smartfon hödürlendi

  • 13.04.2024 16:43
  • 14k+

Realme kompaniýasy häzirki wagtda iň ýokary pik ýagtylygy bolan ekrany we Qualcomm çibini alan GT Neo6 SE smartfonyny hödürledi. Bu barada ixbt.com portaly habar berýär.

Smartfon BOE-den 1,5K durulygy (2780х1264 piksel) we 6000 nit rekord pik ýagtylygy bolan 6,78 dýuýmlyk LTPO OLED ekrany bilen üpjün edildi, ýöne adaty režimlerde ýagtylyk 1000 we 1600 nite barabar. Şeýle-de, 2160 Gs ýygylyk bilen PWM-den goragyň we Gorilla Glass Victus 2 aýnasynyň bardygy bellenilýär.
Smartfonyň öndürijiligine Qualcomm Snapdragon 7+ Gen 3 çibi, 8, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat, şeýle-de 256 ýa-da 512 GB içerki saklaýjy jogap berýär.
Esasy kamerada 50 Mp durulykly Sony IMX882 datçigi ulanylýar. Öňünde 32 Mp selfi kamerasy bar.
5500 mAs sygymly akkumulýator 100 Wt zarýad berşi goldaýar. Realme GT Neo6 SE-niň beýleki aýratynlyklarynyň arasynda Android 14 esasly Realme UI 5.0 sistemasynda birnäçe emeli aň funksiýalarynyň goldanylmagy we frontal kameranyň üsti bilen hereketli dolandyryş, IK porty, güýçli wibromotor, NFC, ekranasty barmak yzlaryny skanerleýji, IP65 goragy aýratynlandyrylýar.
Täze smartfon Hytaýda 8/256 GB wersiýasy üçin 1699 ýuan bilen bahalandyryldy. 16 GB operatiw ýady we 512 GB saklaýjysy bolan uly model 2399 ýuana düşer.

düýn 20:14
3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......