Bulgari dünýädäki iň ýuka mehaniki sagady çykardy. Ol 10 teňňedenem ýuka

  • 13.04.2024 22:00
  • 21k+

Italiýanyň Bulgari şaý-sepler brendi Octo Finissimo Ultra COSC - galyňlygy bary-ýogy 1,70 mm bolan, hatda türkmenleriň 10 teňňelik şaýy pulunyň (1,85 mm) galyňlygyndanam ýuka bolan mehaniki sagat bilen tanyşdyrdy.

Mail.ru-nyň belleýşi ýaly, sagady döretmegiň üstünde onlarça inžener işledi. Şeýle “ajaýyp işiň” syry giňişligi başarnykly ulanmakda we korpusynyň goşmaça gatlaklarynyň bolmazlygyndadyr. Finissimo Ultra sagadynyň gapagy hereketiň esasy plastinkasy bolup hyzmat edýär. Bir nusgasyny ýygnamak üçin bir hepdeden gowrak wagt gerek.
Sagadyň esasy plastinasy wolfram karbidinden ýasalan. Bezeli, korpusyň orta bölegi we goşar bagy titandan ýasalan. Sagadyň dillerinde Datamatrix kody (QR koduna meňzeş) bar, ondan sagat barada ähli maglumatlary alyp bolýar.
Octo Finissimo Ultra COSC üçin Bulgari tow bermäge we wagt bellemäge mümkinçilik berýän sanly interfeýsli ýörite gap ýasady. Sagady gabyna ýerleşdirip, wagty düzseňiz we sazlama siklini başlamak üçin düwmä bassaňyz bolany.
Octo Finissimo Ultra COSC çäkli nusgada çykaryldy - bary-ýogy 20 sany. Bahasy – 600 000 ýewro (takmynan, 647 müň dollar).

şu gün 14:47
1k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....