Forbes: OpenAI-iň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy

  • 11.04.2024 07:57
  • 7.8k+

“Forbes” žurnalynyň hasaby boýunça, OpenAI kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy. Ol reýtingde 2692-nji orny eýeledi. Bu barada gagadget.com habar berýär.

Žurnalyň maglumatlaryna görä, Altmanyň baýlygy onuň ýakynda IPO geçiren Reddit startapyna hem-de 65 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan Stripe töleg kompaniýasyna maýa goýumlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, milliarder ýadro energiýasyny öndüriji Helion kompaniýasy we Retro Biosciences startapy ýaly beýleki kärhanalara-da maýa goýdy.
Altmanyň baýlygynyň bahasy Kaliforniýadaky we Gawaýidäki emlägi hem öz içine alýar. Ol köpçülikleýin maglumatlara we “Forbes” tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijelerine esaslanýar.
2022-nji ýylda ChatGPT çykandan soň emeli aňyň töweregindäki global gyzgalaňyň ýüzi bolan Sem Altmanyň OpenAI kompaniýasynda paýy ýok. Häzirki wagtda bu startap, takmynan, 80 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Mundan öň, geçen hepde “Forbes” milliarderleriň sanawyna 1,1 mlrd dollar baýlygy bilen aýdymçy Teýlor Swifti goşdy.


18.03.2026 09:46
4.3k+

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

22.02.2026 17:17
2.5k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

02.02.2026 08:40
2.1k+

ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...

OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar...

31.01.2026 09:16
965

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...