Britaniýaly zyýanly endiklerinden saplanmak üçin tutuş Afrikany ylgap geçdi

  • 11.04.2024 08:00
  • 14k+

Britaniýaly Rass Kuk GAR-daky Iňňe burnundan Tunisdäki Anjela burnuna çenli tutuş Afrikany ylgap geçen ilkinji adam boldy. 352 günüň dowamynda ol 16 ýurdy kesip geçip, 16 300 km ýol geçdi. Bu barada The Guardian habar berýär.

27 ýaşly marafonçynyň ýoly tropiki tokaýlaryň, dag gerişleriniň we Sahara çölüniň üstünden düşdi. Çölden ol gije geçdi. Maksada tarap ýolda Kuk dürli başdan geçirmelere sezewar boldy.
Angolada onuň toparyny taladylar, Kongoda ony ýerli ýaşaýjylar saklady, Nigeriýada marafonçy ýaramaz analizler we bil agyrysy sebäpli lukmanlara ýüz tutmaly boldy.
Marafon Kuka zyýanly endiklerden we humarly oýunlardan saplanmaga kömek etdi. Marafonyň dowamynda Kuk sosial ulgamlarda sahypa alyp bardy, bu ýerde ony müňlerçe adam goldady. Käbirleri hatda final tapgyrynda oňa goşuldylar.
Sosial ulgamlardaky işjeňlik Kuka haýyr-sahawat üçin 600 müň funt sterlingden gowrak (759 müň dollardan gowrak) ýygnamaga kömek etdi.
Ýeri gelende bellesek, Rass Kukuň üstünligini ykrar etmeýänler hem bar. Ýagny, World Runners Association Afrikadan geçen ilkinji adamyň 2010-njy ýylda daniýaly Ýesper Olsen bolandygyny öňe sürýär. Ýöne onuň ýoly iki esse gysga bolup, 434 gün wagt alypdy. 


11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.5k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
925

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......