Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi

  • 10.04.2024 00:16
  • 10k+

9-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelegleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.
Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz türkmen-gruzin gatnaşyklaryny iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýedir.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyny ajaýyp türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň bütindünýäde ykrar edilen nusgawy şahyry  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......