Google şekil kodlamak üçin täze Jpegli formatyny tanyşdyrdy

  • 09.04.2024 14:19
  • 2.9k+

Google kompaniýasy Jpegli atly täze kodlaýyş kitaphanasyny yglan etdi. Has az ýer tutmek bilen, şekiliň gowulaşdyrylan öndürijiligini we hilini üpjün edýär.

Jpegli adaty JPEG standarty, şol sanda 8 bitli format, libjpeg-turbo we MozJPEG bilen doly laýyk gelýär. Google-yň berýän maglumatlaryna görä, şekilleri gysmak we açmak üçin Jpegli-ni peýdalanmak durulygyň gowulaşmagyna we artefaktlaryň azalmagyna getirýär, kodlamagyň tizligi bolsa bar bolan çözgütler bilen gabat gelýär, bu bolsa işläp düzüjilere öndürijiligini ýitirmezden, Jpegli-ni oraşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Jpegli her bir komponent üçin 10 bite çenli kodlamagy goldaýar, adaty kodekleriň 8 bitli çäklendirmelerinden ýokary bolup, şekiliň has täsirli gysylmagyny üpjün edýär, geçiriş trafigini tygşytlaýar we web sahypalaryny has çalt ýükleýär.
Google Jpegli-niň JPEG XL-däki kwantlamagyň uýgunlaşdyrylan ewristikasy, kwantlamagyň matrisasynyň kämilleşdirilen görnüşleri hem-de giňeldilen reňk giňişligini ulanmak ýaly sesleri azaltmak we şekiliň hilini gowulandyrmak üçin öňdebaryjy usullary öz içine alýandygyny nygtaýar. Mundan başga-da, Jpegli ýokary hilli şekilleri nusgawy JPEG kodekleri bilen deňeşdirilende, 35% has täsirli gysyp bilýär.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
885

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...