Android smartfony kompýutere öwürmäge mümkinçilik berer

  • 09.04.2024 13:45
  • 4k+

Android Authority neşiriniň žurnalistleri Android operasion ulgamynda smartfony monitora kompýuter hökmünde birikdirmek üçin ýörite režimi tapdylar. Bu barada neşiriň web sahypasynda habar berilýär.

Ýörite režimde Android bilen işleýän smartfony monitora we klawiatura birikdirip, enjamy kompýuter hökmünde ulanyp bolýar. Ekranda diagonala uýgunlaşdyrylan interfeýs peýda bolar. Ykjam goşundylar aýratyn penjirelerde açylar, olary ekranda süýşürmek we göwrümini ulaltmak mümkin bolar.
Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu režim ykjam enjamy ofis programmalary ýa-da güýmenje üçin ulanyp boljak kompýutere öwürer. Has amatlylyk üçin ekranda bir wagtyň özünde iki penjire ýerleşdirip bolar. Interfeýsiň ekranyň ýokarsynda ýerleşýän öz gurallar paneli bar.
Žurnalistler Samsung-dan DeX-e çenli smartfon öndürijileriniň köpüsiniň enjamlaryna şuňa meňzeş iş režimlerini goşýandyklaryny bellediler. Täze režimiň Android 15-de peýda bolmagy mümkin.


16.05.2025 18:27
3.2k+

Gemini emeli aňy indi sagatlarda, telewizorlarda we awtomobillerde peýda bolar

Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisini öz ekoulgamyna girizmegi meýilleşdirýär. Ýakyn aýlarda ol Google TV, Android Auto, Wear OS bolan gurluşlarda, şeýle-de Android XR esasly garyşyk hakykat garnituralarynda peýda bolar...

19.05.2024 12:27
7.8k+

Eliňi degirmezden: Android programmalaryny ýüzüň hereketi bilen dolandyryp bolar

Google kompaniýasy Project Gameface-iň deslapky kodunyň döredijiler üçin elýeterlidigini habar berdi. 2023-nji ýylda hödürlenen bu tehnologiýa Android enjamynyň ekranynda kursory ýüzüň mimikasy we kelläniň hereketi...

20.03.2024 13:56
8.8k+

Android 15 hatda öçürilen smartfony hem tapyp biler

Google kompaniýasy Android 15 operasion ulgamyna täze bir aýratynlyk girizer, ol öçürilen ýagdaýynda hem smartfonyň ýerleşýän ýerini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Dogrusy, bu aýratynlyk diňe täze enjamlarda elýeterli...

düýn 14:10
1.6k+

Netflix NASA-nyň raketalarynyň uçuşyny we beýleki kosmos missiýalaryny ýaýlyma berer

Netflix akym hyzmaty NASA bilen hyzmatdaşlykda raketalaryň uçuşyny, astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşyny we beýleki kosmos bilen bagly wakalary göni ýaýlymda görkezip başlar. Bu barada platformanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär...