Eliňi degirmezden: Android programmalaryny ýüzüň hereketi bilen dolandyryp bolar

  • 19.05.2024 12:27
  • 7.9k+

Google kompaniýasy Project Gameface-iň deslapky kodunyň döredijiler üçin elýeterlidigini habar berdi. 2023-nji ýylda hödürlenen bu tehnologiýa Android enjamynyň ekranynda kursory ýüzüň mimikasy we kelläniň hereketi bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, IXBT habar berýär.

Project Gameface bir zady saýlamak üçin gaşlaryňy ýokary galdyrmak ýa-da kursory hereketlendirmek üçin agzyňy açmak ýaly, 50-den gowrak ýüz mimikasyny  we kelläniň hereketini tanamak üçin enjamyň içinde oturdylan kamerasyny ulanýar.
Ilkibaşda Project Gameface oýunlara gönükdirilipdi, emma Google onuň bilim, iş, sosial ulgamda özara gepleşmek ýaly, beýleki ugurlarda hem peýdaly boljakdygyny  görýär.
Koduň elýeterli bolmagy döredijilere eliňi degirmezden işledilýän programmalary döretmäge mümkinçilik berer we ol maýyplara hasam amatly bolar.
Işläp düzüjiler eýýäm Project Gameface-i öz programmalaryna ornaşdyryp bilerler.


31.05.2026 22:44
4.4k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

07.05.2026 11:10
4.6k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....