Android 15 hatda öçürilen smartfony hem tapyp biler

  • 20.03.2024 13:56
  • 8.9k+

Google kompaniýasy Android 15 operasion ulgamyna täze bir aýratynlyk girizer, ol öçürilen ýagdaýynda hem smartfonyň ýerleşýän ýerini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Dogrusy, bu aýratynlyk diňe täze enjamlarda elýeterli bolar.

Android enjamlaryny gözlemek üçin döredilen Google Find My Device ulgamynyň çäklendirmeleri bar, esasanam ol smartfon öçük bolsa peýdasyz. Google Android 15-de öçürilen ýa-da batareýasy çöken bolsa-da ýitirilen enjamy tapmaga mümkinçilik berýän täze Powered Off Finding API interfeýsini durmuşa geçirmegi maksat edinýär.
Bellenilmegine görä, API öňünden hasaplanan Bluetooth signallaryny Bluetooth gözegçisiniň ýadynda saklamak bilen işlär.
Täze API üçin döwrebap enjamlary talap ediler. Bu aýratynlygyň operasion ulgamy Android 15-e çenli täzelenenden soň Pixel 8 we Pixel 9 tarapyndan goldanylmagy mümkin, ýöne Pixel Fold, Pixel 7 we Pixel 6 ýaly köne modellerde elýeterli bolmaz.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
874

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...