Ilon Mask Tesla robotaksisini 8-nji awgustda tanyşdyrmagy wada berdi

  • 09.04.2024 13:41
  • 8.9k+

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Tesla-nyň robotlaşdyrylan taksisiniň tanyşdyryljak senesini yglan etdi diýip, Reuters habar berýär.

Mask sosial ulgamdaky sahypasynda: «Tesla-nyň robotakisi 8-nji awgustda tanyşdyrylar» diýen ýazgyny paýlaşdy.

Mask Tesla-nyň robotlaşdyrylan taksisiniň tanyşdyryljak senesini Reuters habarlar gullugynyň çeşmelere salgylanyp, amerikan awtoulag öndürijisiniň arzan köpçülikleýin elektomobil öndürmek meýilnamasyndan ýüz öwrendigini, ýöne onuň platformasynda robotlaşdyrylan taksi işläp düzmek meýilnamasyny dowam etdirýändigini habar bermeginiň yzysüre yglan etdi.
Maskyň aýdanlaryndan soň Tesla-nyň paýnamalary 3%-den gowrak ýokarlandy diýip, Bloomberg ýazýar.


26.04.2026 16:01
2.3k+

Hytaýda işlenip düzülen, elektrik awtoulag batareýalary üçin niýetlenen termal gorag 1300 ℃ -a çenli çydap bilýär

Nankin tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny gyzmakdan we ýanyp gitmekden goraýan material oýlap tapdylar diýip, CarNewsChina ýazýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......