Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-da Readiness Institute merkezine baryp gördi

  • 09.04.2024 05:52
  • 7.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-da Pensilwaniýa ştatynda Readiness Institute bilim merkezine baryp gördüler. Sapar ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara wiziter liderligi Maksatnamasyny durmuşa geçirýän "Döwlet gullugy akademiýasy üçin elektron dolandyryş ulgamyny berkitmegiň mümkinçilikleri" taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Pittsburgda Pensilwaniýa uniwersitetiniň Franko Harris merkezinde geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen hünärmenleri elektron dolandyryş we bilim işinde emeli aňdan peýdalanmak ulgamynda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar.
Taslama türkmen hünärmenlerine bilim ulgamynda häzirki zaman tehnologiki gazanylanlara syny hödürlemekden we bilim edaralary hem-de hususy tarap bilen bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......