Jeff Bezos başlangyç bahadan 35 esse gymmat jaýy satyn alýar

  • 07.04.2024 15:41
  • 16k+

Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos Günorta Floridada üçünji jaýyny satyn alýar. Bloomberg-iň habar bermegine görä, emlägiň bahasy 90 mln dollara barabar.

Gyzykly ýeri, bu jaý soňky eýesine, öňki bankçy Hawýer Holsa 1998-nji ýylda 2,5 mln dollara satyldy. Bezos eýýäm Sietlden Maýamä göçýändigini mälim etdi.
Mundan öň hem Bezos Floridada, “Milliarderler bunkeri” ady bilen belli bolan adada iki öý satyn aldy. Ol bular üçin, umumylykda, 147 mln dollar töledi. Bu adanyň beýleki ýaşaýjylarynyň arasynda ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy, amerikaly işewür Jared Kuşner we başga-da ABŞ-nyň birnäçe baý ýaşaýjysy bar.
Floridadaky jaýlaryndan başga-da, Bezosyň Waşingtonda, Mauide emlägi we Bewerli-Hillzde 2020-nji ýylda 165 mln dollara satyn alan aýratyn jaýy bar.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......