Dünýäde kofeniň bahasy iň ýokary derejä ýetdi

  • 07.04.2024 15:40
  • 7.8k+

Dünýäde iň meşhur kofe görnüşleriniň biri bolan robusta kofesiniň bahasy 2008-nji ýyldan bäri rekord derejä ýetdi. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, “Snob” ýazýar.

Londonda geçirilen söwdanyň dowamynda kofe üçin şertnamalar 4,8% gymmatlady: bir tonna önümiň bahasy tas 4 müň dollara ýetdi.
Bahanyň ýokarlanmagynyň sebäbi robusta kofesini öndürýän Wýetnamda adatdan daşary yssy howa sebäpli kofe ýetmezçiligi bilen baglanyşykly heder etmelerdir. Wýetnam dünýäde ikinji uly kofe üpjün edijisidir. Bu ýerde fermerler hasylyň azalmagyna getirip biljek suw ýetmezçiliginiň bolmagyna garaşýarlar.
2023-nji ýylda hem hünärmenler kofeniň gurakçylyk sebäpli gymmatlajakdygy barada duýdurdylar, ýöne şonda gürrüň kofeniň önümçilik möçberi boýunça dünýäde ilkinji ýurt bolan Braziliýada hasyl üçin suw ýetmezçiligi barada boldy. 

şu gün 09:58
877

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

şu gün 09:24
769

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

düýn 14:43
8.2k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....