TikTok üçünji gezek “Ýewrowideniýäniň” resmi hyzmatdaşy bolar

  • 07.04.2024 15:40
  • 4.1k+

“Ýewrowideniýäniň” guramaçylary TikTok-yň bu aýdym-saz bäsleşiginiň yzygider üçünji ýyl resmi güýmenje hyzmatdaşy boljakdygyny habar berdiler. Bu barada bäsleşigiň saýtyna salgylanyp, life.liga.net belleýär.

“Her ýyl TikTok jemgyýeti bu aýdym-saz we medeniýet baýramçylygyna goşulyp, söýgüli aýdymçylardan ylham alyp, dünýä ýüzüne ýaýraýan Ýewrowideniýe trendlerini döredýär. Eýýäm #Eurovision heştegli 589 000-den gowrak post bar we 2024-nji ýyl jemgyýeti bäsleşige öňküsinden has ýakynlaşdyrmaly” diýip, guramaçylar ýazýar.

Aýdym-saz bäsleşigini döredijileriň belleýşi ýaly, TikTok – bu “Ýewrowideniýe” bilen baglanyşykly ähli zady tapyp boljak ýer.
Şeýle-de, saýtda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň Şwesiýanyň Malmýo şäherinde geçiriljekdigi bellenilýär. 7-nji maýda ilkinji ýarym final, 9-njy maýda ikinji ýarym final geçiriler, 11-nji maýda 2024-nji ýylyň bäsleşiginiň ýeňijisi yglan ediler.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....