“Dýunanyň” režissýory Deni Wilnýow ýadro urşy barada film surata düşürer

  • 06.04.2024 18:11
  • 8.7k+

“Dýunanyň” režissýory Deni Wilnýow täze taslama bilen meşgullanar. Ol žurnalist Enni Ýakobseniň “Ýadro urşy: Ssenariýalar” non-fikşnini ekranlaşdyrar. Bu barada film.ru habar berýär.

Filmiň üstünde Legendary studiýasy işleýär. Wilnýowyň “Dýuna: Messiýany” surata düşürip bolandan soň işe girişmegine garaşylýar. Sýužet dünýäde ýadro urşunyň başlanmagy üçin dürli sebäpler we mümkin bolan netijeler barada gürrüň berer.
Filmiň çykjak senesi we aktýorlar düzümi belli däl. Wilnýow müsürli şa zenan Kleopatra baradaky baýopigiň hem-de Artur Klarkyň “Rama bilen duşuşyk” saý-faýynyň adaptasiýasynyň üstünde hem işleýär.
Öň, biz “Dýuna 2” filminiň dünýä prokatynda girdeji ýygymynyň 620 milliondan geçendigini habar beripdik.


şu gün 11:31
228

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....