Ginnesiň rekordlar kitaby dünýädäki täze iň garry erkek adamy atlandyrdy

  • 06.04.2024 18:08
  • 34k+

Angliýanyň Mersisaýd graflygyndan 111 ýaşly Jon Tinniswud dünýäde häzir ýaşaýan erkekleriň arasynda iň garry adam boldy. 5-nji aprelde Ginnesiň rekordlar kitaby oňa bu statusy tassyklaýan resmi şahadatnamany gowşurdy. Bu barada BBC habar berýär.

Tinniswud uzak ýaşamagynyň syryny anna günleri adaty britan tagamynyň – gowrulan ýeralmaly balygyň yzygiderli iýilmegi, şeýle-de ýaşlygynda pyýada gezelençlerine bolan söýgüsi bilen baglanyşdyrýar.
Ol “aňy türgenleşdirmegi” we ähli zatda “aramlyk” görkezmegi maslahat berýär.
Häzirki wagtda Tinniswud Sautport şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýar.
Ýatlap geçsek, dünýäde iň garry erkek adam adynyň öňki eýesi, Wenesueladan Huan Wisente Peres Mora 2-nji aprelde 114 ýaşynda aradan çykdy.


düýn 19:18
2.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:32
4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......