Renault täzelenen Captur krossowerini tanyşdyrdy

  • 06.04.2024 06:02
  • 3.9k+

Fransuz awtoöndürijisi Renault täzelenen Captur krossowerini tanyşdyrdy. Bu barada motor1.com habar berýär.

Awtoulagda täze çyralar, bamper, kapot we logotip peýda boldy. Salonda 10,4 dýuým ekranly (öň 10,25 dýuým) täze multimediýa ulgamy ornaşdyryldy. Bezeg üçin hrom we deri peýdalanylmady, soňky material kenep ýaly gaýtadan işlenen materiallardan we täzelenip bilýän çeşmelerden taýýarlanyldy.


Birnäçe ýyl ozal peýda bolan RS Line toplumynyň ýerine täze – Esprit Alpine ulanyldy. Ol ýazgyly tagtajyklaryň, kuzowyň iki reňkli nusgasy esasynda giň şahsylaşdyrma mümkinçilikleriniň, şeýle hem 19 dýuým teker diskleriniň bolmagy bilen tapawutlanýar.
Krossower 90, 140 we 160 at güýji öndürýän hereketlendirijiler bilen hödürlenýär. Ulag ýedi tizlikli robotlaşdyrylan mehaniki geçiriş gutusyna eýedir. Şeýle hem bu modeliň gibrid görnüşi bar.
Täzelenen Renault Captur-yň önümçiligi şu ýyl Ispaniýada başlar. Bahalar yglan edilmedi.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....