Angliýada iň uly altyn bölegi auksionda geçmedi, oňa has pes baha hödürlediler

  • 06.04.2024 05:28
  • 12k+

Angliýada tapylan iň uly altyn bölegini auksionda satyp bilmediler. Bu barada Bi-bi-si salgylanyp, RBK habar berýär. Onuň agramy 64,8 g barabar. Ol 40 müň funt sterling bilen bahalandyryldy, ýöne auksionyň dowamynda nyrhlar bary-ýogy 12 müň funt sterlinge çenli ýokarlandy.

Auksionçy Ben Jonsyň aýtmagyna görä, mümkin alyjylar bilen gepleşikleriň dowamynda bahany ýokarlandyrmaga synanyşylar.

“Islegiň artjakdygyna ynanýaryn. Adatça, söwdadan soň şeýle bolýar” – diýip, Jons belleýär.

Bu altyn bölegini Şropşir graflygynyň oba hojalyk ýerlerinde geçirilen gözleg ekspedisiýasynyň dowamynda Somersetden (Angliýada bir graflyk) 67 ýaşly Riçard Brok tapdy. Ol gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ilki bilen çadyrlar üçin birnäçe poslan köne gazyklary tapdy. Brok altyn bölegini 20 minutdan soň gördi. Ol ýeriň astynda 13-15 sm çuňlukda ýerleşen eken.
Jenap Brok altynyň satuwyndan alnan girdejini gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýeriniň eýesi bilen paýlaşmagy göz öňünde tutdy.
Riçard Brokyň tapyndysyndan öň, Angliýada tapylan iň uly altyn bölegi 54 g agramdady.


04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......