Aýdymçylar emeli aňa garşy çykýarlar: Billi Aýliş, Keti Perri we Pearl Jam açyk hata gol goýdular

  • 05.04.2024 10:47
  • 6k+

Hudožnikleriň hukuklary üçin amerikan birleşigi (Artists Rights Alliance, ARA) aýdym-sazda sungat işgärleriniň hukuklaryny bozýan emeli aňyň ulanylmagyny bes etmäge çagyrýan açyk haty çap etdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Hata 200 töweregi aýdymçy, şol sanda Billi Aýliş, Pearl Jam, R.E.M., Niki Minaž, Keti Perri, Kamila Kabelo, Sem Smit, Jon Bon Jowi we Keýt Hadson öz gollaryny goýdular.
Birleşik elektron aýdym-sazlary döretmek üçin neýroulgamlaryň ulanylmagyndan heder edýär. Işläp düzüjiler aýdymçylaryň eserlerine hukuk almazdan, olara hak tölemezden emeli aňy hakyky sungat işgärleriniň döredijiligine esaslanýan algoritmler bilen türgenleşdirýärler. Netijede, asyl nusgadaky eserlere meňzeýän sesleriň we heňleriň sanly nusgalary peýda bolýar.
ARA-nyň ýerine ýetiriji müdiri Jen Ýakobsen striming serwisleriniň döwründe sungat işgärleriniň “güzeranyny kynlyk bilen dolandyrýandyklaryny”, indi bolsa olara “emeli aň bilen bäsleşmek” üçin goşmaça ýüküň düşýändigini belledi.
Ýakobsen adamlaryň işini elinden alýan emeli aňyň ulanylmagyny ahlaksyz hasaplady, ýöne ARA-nyň emeli aňa garşy däldigini, diňe onuň adalatly ulanylmagyny talap edýändigini aýtdy. Birleşigiň pikiriçe, käbir platformalar we işläp düzüjiler neýroulgamlary “döredijilik bozgaklygy” we sungat işgärleriniň, aýdym awtorlarynyň, sazandalaryň we hukuk eýeleriniň gyzyklanmalaryny pese gaçyrmak üçin ulanýarlar.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......