Italiýada Ýewropadaky iň beýik asma köpri açyldy

  • 05.04.2024 10:42
  • 11k+

Italiýanyň Umbriýa sebitinde Ýewropada iň beýik pyýada asma köprüsi açyldy. Bu barada “Corriere della Sera” habar berýär.  

Köpriniň beýikligi 175 metr, uzynlygy bolsa 500 metrden gowrak. Ol orta asyrlaryň Sellano (Italiýanyň iň owadan obalarynyň sanawyna girýär) we Montezanto obalaryny birleşdirip, derýanyň we jülgäniň üstünden geçýär. Köpri arkaly gezelenç 30-45 minut wagt alýar. Köpri müň basgançakdan ybarat bolup, howpsuzlyk sebäpli myhmanlar ýörite tanap görnüşindäki ätiýaçlandyryş bilen bir basgançakdan beýlekä geçýärler. Mundan başga-da, olar ellik we kaska geýýärler. Syýahatçylar ýöremek üçin laýyk aýakgapda bolmaly.
Bir sagatda köprüden diňe 90 adam geçip bilýär. Sellanodan Montezano (ýa-da tersine) geçişiň bahasy 25 ýewro barabar. Iki tarapa syýahat 35 ýewro.
Köpriniň gurluşygy 1,5 mln ýewro düşdi. Köpri 2016-njy ýylda Italiýada bolup geçen birnäçe ýertitremäniň merkezinde bolan sebitde guruldy. Bu ýerdäki käbir obalar weýran boldy we ýaşaýjylar häzir hem öýlerine dolanyp bilmeýärler. Sellanonyň häkimi Attilio Gubbiotti asma köpriniň sebitde täze işewürligi ösdürmäge kömek etmegine umyt bildirýär.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......