Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistana bardy

  • 04.04.2024 10:39
  • 13k+

Şu gün, 4-nji aprelde irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna bardy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapary mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Täjigistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-täjik gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekiler. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, şu günler Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin ýurdumyzdan uly wekilçilikli toparyň hem täjik topragynda bolýar. Iki ýurduň ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiriljek ylmy duşuşyk, Türkmen-täjik işewürlik maslahaty hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň saparynyň wakalarynyň üstüni ýetirip, aýry-aýry ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşmaça itergi berer.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......