Taýwandaky ýertitreme elektronikanyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirip biler

  • 04.04.2024 11:53
  • 29k+

3-nji aprelde Taýwanyň gündogar kenarynda 7,4 bal ululykda (käbir maglumatlara görä – 7,7 bal) ýertitreme bolup geçdi. Bu soňky 25 ýylda ýurtda iň güýçli ýertitreme boldy. Betbagtçylygyň pidasy 9 adam bolup, 963 adam zyýan çekdi diýip, hightech.fm habar berýär.

Zelel ýeten desgalaryň arasynda iň uly ýarym geçirijileri öndürijileriň zawodlary, şol sanda Apple Inc., Nvidia Corp. we beýleki kompaniýalar üçin esasy çip öndürijisi bolan Taiwan Semiconductor Manufacturing Co (TSMC) hem bar.
Ýertitreme sebäpli kompaniýa ähli işgärlerini ewakuasiýa etdi. Çip önümçiligi togtadyldy, bu global tehnologiýa üpjünçilik zynjyrynda bökdençliklere we elektronikanyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirip biler.
United Microelectronics Corp. kompaniýasy hem käbir zawodlarynda tehnika işlerini togtatdy.
Smartfonlar we awtomobiller üçin ýarym geçirijileriň aglaba köplügi wibrasiýalaryň öňünde ejiz gelýär. Bloomberg ýertitremäniň tutuş çip toplumyny ýok edip biljekdigini habar berdi.
Bu habarlaryň esasynda TSMC-niň paýnamalary bir günde 1,3%, UMC-niň paýnamalary bolsa 1% pese gaçdy.


22.01.2026 23:55
4.6k+

Ýaponiýa dünýäde iň uly atom elektrik stansiýasynyň reaktoryny gaýtadan işe girizýär

21-nji ýanwarda Tokio elektrik energiýasy (TEPCO) Kaşiwazaki-Kariwa atom elektrik stansiýasynyň 6-njy blogunyň täzeden işe girizilýändigini yglan etdi. Bu stansiýanyň kuwwatlylygy dünýäde iň ulusydyr, diýip The New York Times gazetinde habar berilýär...

02.12.2025 11:50
17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

05.11.2025 12:16
14k+

Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly Owganystana duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada 4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir bilen duşuşygynda aýtdy...

05.09.2025 10:20
11k+

Türkmenistan Owganystanda ýertitremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistan doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberer...