Aşgabatda kibersowatlylyk we sanly ösüş boýunça onlaýn maslahat geçirildi

  • 04.04.2024 05:30
  • 3.6k+

2-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda “Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly onlaýn maslahaty geçirildi. Bu barada Ýaşlar guramasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Okuw-usuly maslahata ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de mugallymlary internet arkaly onlaýn gatnaşdylar. Maslahatda sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, kibermedeniýet sowatlylygynyň zerurlygy barada hem bellenilip geçildi. Çykyş edenler kibermedeniýetiň ösüşi bilen bir hatarda, onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, sosial-psihologiki we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri barada belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, “Türkmentelekom” EAK-nyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......