Huawei üç ekranly ilkinji smartfony çykarmaga taýýarlanýar

  • 03.04.2024 21:18
  • 7.8k+

Hytaýyň Döwlet intellektual eýeçilik edarasy Huawei kompaniýasynyň “Eplenýän ekran gurluşy” atly täze patenti barada habar berdi. Bu barada ixbt.com belleýär.

Huawei kompaniýasy täze “üç ekranly ykjam telefony” işläp taýýarlaýar. Onuň eýýäm şu ýylyň ikinji çärýeginde çykarylmagyna garaşylýar.
Huawei-niň insaýderleri hem kompaniýanyň bu patentlenen tehnologiýany birnäçe ýyl mundan ozal öwrenip, işläp taýýarlap başlandygyny we degişli patentleriň heniz 2022-nji ýylda çap edilendigini tassykladylar.
Mindray Asset Management Co., Ltd.-niň baş müdiri Wan Haoýuý: Biziň gözleglerimize laýyklykda, Huawei kompaniýasy üç ekranly ykjam telefonlaryň gözleglerini we işläp taýýarlamalaryny birsydyrgyn alyp barýar we degişli ultra-inçe çeýe aýna örtügini (UTG) birnäçe aý mundan öň synagdan geçirip başlady. Bu eýýäm taýýar önüm diýen ýaly” diýip belleýär.
Wan Haoýuý üç ekranly smartfonlary işläp taýýarlamakda kompaniýalaryň bilelikdäki gözlegleri dowam etdirmelidigini we ýygy-ýygydan eplenen ýagdaýynda ekranyň we birleşdiriji halkalaryň hyzmat ediş möhleti, eplenenden soň ekranyň galyňlygy, awtonom iş wagty we programma üpjünçiliginiň uýgunlaşmagy ýaly meseleleri çözmelidigini nygtady.

“Üç ekranly ykjam telefonlaryň meşhurlygynyň artýandygy üçin, ýyllyk satuwyň 2,8 – 4,2 mln birlige ýetmegine garaşylýar” diýip, Wan Haoýuý belledi.


31.12.2025 08:10
3.3k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.2k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...