BMW-niň içinden ýandyrylýan hereketlendirijisini alan uçýan awtomobil tapgyrlaýyn önümçilige taýýarlanýar

  • 04.04.2024 20:13
  • 20k+

Hytaýyň Hebei Jianxin Flying Cars kompaniýasy Slowakiýanyň Klein Vision kompaniýasyndan AirCar uçýan awtomobilleriniň önümçiligine we ýaýradylmagyna ygtyýarnama aldy. Şertnamanyň bahasy aýan edilmeýär diýip, BBC salgylanyp, ixbt.com habar berýär.

AirCar dünýäde uçuşa ýaramlylyk şahadatnamasyny alan ilkinji awtomobildir. Ol BMW-niň içinden ýandyrylýan hereketlendirijisini ulanýar. Oňa uçmak we gonmak üçin uçuş-gonuş zolagy gerek. 2021-nji ýylda Slowakiýanyň iki howa menziliniň arasynda uçýan awtomobiliň synag uçuşy geçirildi. Uçuş 35 minut dowam etdi.
AirCar tizligini sagatda 300 km çenli artdyryp bilýär. Onuň uçuş aralygy 1000 kilometr, ýerde ýol ätiýajy 500 kilometrden gowrakdyr. Awtomobiliň uçara we ýene-de yzyna öwrülmegi 3 minut wagt alýar.

“Bu hyzmatdaşlyk dünýäde rewolýusion mobil çözgütlerimizi ýaýratmak we pudagyň ösüşine itergi bermek maksadymyzda möhüm ädimdir” diýip, Klein Vision-yň egindeş esaslandyryjysy Anton Zaýak belledi.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....