Aşgabatda fijital sport boýunça ýaryşlar badalga aldy

  • 02.04.2024 12:43
  • 14k+

1-nji aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de Açyk gapylar hepdeligi badalga aldy.

Ýaryşlara Türkmenistanyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden talyplar we ýurdumyzyň 11 sany mekdebiniň okuwçylary gatnaşýar diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.
Ýaryşlar dört ugur boýunça geçirilýär: fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-karate we fijital-stol tennis.
Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.
Fijital sport boýunça ýaryşlar 6-njy aprele çenli dowam eder.


düýn 14:40
3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......