В Сиане открылся Секретариат формата Центральная Азия-Китай

  • 01.04.2024 14:44
  • 6.3k+

30-njy martda Sian şäherinde (Hytaýyň Şansi welaýaty) Merkezi Aziýa – Hytaý görnüşindäki sekretariatyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistan DIM-iň saýtynda habar berilýär.

Çärä Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weýdun, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de HBS-iň wekilleri gatnaşdy. Dabarada Türkmenistana ilçi Parahat Durdyýew wekilçilik etdi.
Sun Weýdun öz çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin sekretariatyň döredilmeginiň ähmiýetini belledi. Şeýle-de, ol HHR-iň daşary işler ministriniň gutlag hatyny okady.
Sekretariaty döretmek baradaky ylalaşyk 2023-nji ýylyň maý aýynda geçirilen Merkezi Aziýa – Hytaý görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde gazanyldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda sekretariatyň açylmagyny gutlap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýtdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň hatynda Türkmenistanyň formata gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine we berkidilmegine uly goşant goşmaga taýýardygy bellenilýär.
Wagtlaýyn sekretariatyň ýerine ýetiriji müdiri U Insin boldy. Taraplaryň ylalaşygy boýunça birinji Baş sekretar Hytaýyň wekili bolar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Siana saparyň dowamynda Şansi welaýatynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe iş duşuşyklary geçirilip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. 


сегодня 12:31
879

Сердар Бердымухамедов ознакомился с ходом жатвы в Ахалском велаяте

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов совершил рабочую поездку в Ахалский велаят, где ознакомился с ходом продолжающейся косовицы хлебов. Об этом сообщает госинфорагентство TDH....

сегодня 09:55
358

Туркменистан принял участие в подготовке первого саммита «ЦА – Республика Корея»

16 июня в Ташкенте заместитель министра иностранных дел Туркменистана Ахмет Гурбанов принял участие во втором заседании старших должностных лиц по подготовке к первому саммиту глав государств формата......

вчера 11:28
654

В Вене проходит сессия Подготовительной комиссии ОДВЗЯИ с участием Туркменистана

Делегация Туркменистана принимает участие в 66-й сессии Подготовительной комиссии Организации по Договору о всеобъемлющем запрещении ядерных испытаний (ОДВЗЯИ), которая проходит в Вене с 15 по 17 июня. Об этом......

вчера 11:27
2k+

Туркменистан принял участие во встрече спецпредставителей ЕС и ЦА по Афганистану

15 июня в Алматы состоялось очередное заседание специальных представителей и посланников Европейского союза и стран Центральной Азии по Афганистану. В мероприятии принял участие заместитель министра......