Ikinji el bazary 2023-nji ýylda adaty egin-eşik dükanlaryndan öňe geçdi

  • 01.04.2024 14:21
  • 9.3k+

WWD-niň habar bermegine görä, geýlen egin-eşik bazary 2023-nji ýylda 18% ösüp, adaty bölek satuw söwdasynyň ösüş depgininden ep-esli öňe geçdi.

ThredUp marketpleýsiň maglumatlyryna görä, 2023-nji ýylda ikinji el bazarynyň dolanyşygy 197 milliard dollara ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 18% köpdür. Hünärmenleriň çak etmegine görä, 2028-nji ýyla çenli bu görkeziji 350 milliard dollara çenli artyp biler.
Ikinji el eşikleriniň meşhurlygy birnäçe faktorlar, şol sanda tygşytlydygy bilen kesgitlenýär.
Mundan başga-da, ulanylan eşikleri satyn almak çykdajyny azaldyp, daşky gurşawa düşýän ýüki ýeňledip biler. Mundan başga-da, ikinji el dükanlaryndan wintaž önümlerini we köpçülikleýin bazarda duş gelmeýän üýtgeşik zatlary tapyp bolýar.
Ikinji el bazarynyň ösüşi, esasanam, ABŞ-da aýdyň görünýär: 2023-nji ýylda ol 11% ösüp, 43 milliard dollara ýetdi, bu ösüş adaty eşik bazaryndan ýedi esse çalt.
ThredUp-yň 2021-nji ýylyň biržasyndaky ilkinji çykyşy girdejili bolmasa-da, çalt ösýän ikinji el egin-eşik bazaryna maýa goýujylaryň ünsüni çekdi.

şu gün 10:37
4.2k+

«28 ýyl soň» filminiň üçünji bölegi 2027-nji ýylda düşürilip başlanar

Režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» franşizasynyň üçünji bölegini düşürmek işlerine geljek ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Ol bu barada «Deadline» neşirine beren interwýusynda mälim etdi....

şu gün 04:56
2.2k+

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

düýn 11:30
3.8k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

düýn 11:28
1.2k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......