Kanadada “ýagyş salgydyny” girizmek meýilleşdirilýär

  • 01.04.2024 13:26
  • 10k+

Kanadanyň iň uly şäheri Torontonyň häkimi Oliwiýa Çou öý eýelerine ýagyş kanalizasiýasy üçin töleg girizmegi teklip etdi. Onuň mukdary olaryň öýlerindäki suw akymynyň ýagyş kanalizasiýasyna näderejede täsir edýändigine görä kesgitlener. Bu barada “Newsweek” žurnaly habar berýär diýip, newdaynews.ru belleýär.

Şäher häkimiýetiniň pikiriçe, “ýagyş salgydynyň” girizilmegi raýatlary öz öýlerinde ýagyş suwuny siňdirmeýän gaty üstleri düşemegiň deregine, otlary we ösümlikleri ekmäge oýarmaly. Ýygymyň mukdary üçek, alyp barýan ýollar, awtoulag duralgalary we beýleki beton landşaftlary ýaly her bir obýektiň gaty üstüniň meýdanyna bagly bolar.
Toronto administrasiýasynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çabga suwy ýagyş we erän gar bolup, ol haçan-da ýere siňmedik ýagdaýynda, gaty üstlerden köçelere, ýagyş kanalizasiýalaryna we ony ýerli suw ýollaryna alyp gidýän turba ulgamlaryndan akýar. Çabga suwunyň köp bolmagy bolsa şäheriň kanalizasiýa ulgamyny dolduryp biler, bu hem diňe bir suw basmalaryna we suwuň hapalanmagyna getirmän, eýsem ýaşaýjylaryň saglygyna howp salyp biler.


28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

21.05.2026 13:01
8.3k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....