Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy

  • 22.05.2025 20:27
  • 5.9k+

Kanadanyň Alberta welaýatynda paleontologlar pahirinozawrlaryň 8 müňden gowrak süňküni tapdy. Bu burnunda süňk ösüntgisi bolan we uly göwresi bilen tapawutlanýan ot iýýän dinozawrlardyr. Tapyndy, takmynan, 72 ýyl mundan ozal tutuş bir dinozawrlar sürüsiniň heläk bolandygyny görkezýär diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Gazuw-agtaryş işleri ilkinji gezek 1974-nji ýylda ýerli ýaşaýjy tarapyndan ýüze çykarylan ýerde alnyp barylýar.
Alymlar süriniň tebigy betbagtçylyk sebäpli ölendigini öňe sürýär. Çaklamalaryň biri duýdansyz suw joşmasydyr, muny, adatça, güýçli suw akymyndan soň galýan toprak çökündileri delillendirýär. Pahirinozawrlar, ähtimal, uly agramy we hereketiniň haýaldygy sebäpli halas bolmadyk bolsa gerek.
Patyşalyk Tirell paleontologiýa muzeýiniň professory Emili Bemfort süňkleriň dykyzlygyny seýrek ýagdaý diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, her 10,76 inedördül fut ýere, takmynan, 300 süňk düşýär.
Gazuw-agtaryş işleri güýze çenli dowam eder. Alymlar eýýäm 8 müňden gowrak süňk ýygnady we mundan beýläkki gözlegleriň süriniň ölmeginiň hakyky sebäbini açmagyna umyt bildirýär.


18.04.2026 15:16
3.3k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

18.03.2026 16:49
7.2k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

12.03.2026 23:05
8.7k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy...