Saud Arabystanynyň wekili ilkinji gezek “Älem gözeli” bäsleşigine gatnaşar

  • 31.03.2024 15:55
  • 37k+

2024-nji ýylda “Älem gözeli” bäsleşigine gatnaşyjylaryň biri saud arabystanly model Rumi al-Kahtani bolar. Ol Meksikada geçiriljek bäsleşikde ilkinji gezek patyşalyga wekilçilik eder. Bu barada esquire.kz habar berýär.

27 ýaşly model eýýäm birnäçe gezek “Ýakyn Gündogaryň gözeli” we “Ýer gözeli” ýaly dürli gözellik bäsleşiklerinde Saud Arabystanyna wekilçilik etdi.

“Meniň üçin “Älem gözeli 2024” bäsleşigine gatnaşmak uly hormat. Men şeýle halkara derejesindäki bäsleşikde öz ýurdumyň ilkinji wekili boljakdygyma begenýärin. Ähli dostlaryma we ýakynlaryma goldawlary üçin minnetdar” – diýip, model sosial ulgamlarda ýazdy.

“Älem gözeli” her ýyl geçirilýän halkara we dünýäde iň abraýly gözellik bäsleşikleriniň biridir. 2002-nji ýylda oňa gatnaşmak üçin Hytaý we Albaniýa, 2004-nji ýylda Wýetnam, Gruziýa we Efiopiýa, 2005-nji ýylda Latwiýa, 2006-njy ýylda Gazagystan we 2007-nji ýylda Tanzaniýa goşuldy.
Geçen ýyl bäsleşige 90 ýurtdan gyzlar gatnaşdy. Şu ýyl hasap boýunça 73-nji “Älem gözeli” 28-nji sentýabrda Meksikada geçiriler.


07.02.2026 10:47
11k+

Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi

Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi...

11.06.2026 13:03
6.9k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....