Volkswagen-iň täze nyşany Awstraliýanyň ýollarynda kengurulary gorkuzyp başlady

  • 30.03.2024 23:58
  • 14k+

Volkswagen awtoöndürijisiniň inženerleri Melburn uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde kenguru üçin ýakymsyz sesleri çykarýan dinamikalar bilen üpjün edilen RooBadge logotipini işläp taýýarladylar. Bu barada motor1 habar berýär.

Taslamanyň maksady Awstraliýada ýabany haýwanlaryň gatnaşmagynda bolup geçýän ähli ýol-ulag hadysalarynyň 90% töweregini emele getirýän kenguru bilen awtomobilleriň çaknyşygyny azaltmakdan ybaratdyr.
Melburn uniwersitetiniň dosenti Grem Koulsonyň aýtmagyna görä, RooBadge kengurulary gorkuzmak üçin ilkinji netijeli serişde bolar.
Ilkinji synaglar logotipiň, hakykatdan hem, işleýändigini görkezdi. Gurluş haýwanlar bilen çaknyşygyň köp bolýan ýerlerinde awtomatik taýdan ses signallaryny işjeňleşdirýär.
Geljekde Volkswagen şeýle tehnologiýa bilen diňe bir logotipi däl, eýsem awtomobil belgileri üçin saklaýjylary enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......