Dünýäde 5.5G goldawyny alan ilkinji smartfon peýda boldy – bu Samsung ýa-da Huawei däl

  • 30.03.2024 23:44
  • 11k+

China Mobile kompaniýasy dünýäde ilkinji 5.5G ulgamynyň täjirçilik taýdan ulanylyşa goýberilendigini habar berdi. Bu tehnologiýany (ol 5G-Advanced ýa-da 5GA) goldaýan ilkinji smartfon bolsa Oppo Find X7 Ultra boldy. Ekranda degişli nyşanly smartfonyň suratyny Oppo-nyň top-menejeri Pit Lau paýlaşdy diýip, ixbt.com habar berýär.

Weibo sosial ulgamynda ýerleşdirilen bellikde tiz wagtdan 5.5G goldawyny Oppo Find X7-niň hem aljakdygy aýdylýar. Bu smartfonlaryň dürli bir kristally sistemalarda gurlandygyny göz öňünde tutsaň täsirlidir: Find X7 Ultra smartfony Snapdragon 8 Gen 3 çipsetine esaslanýar, Find X7-niň esasynda bolsa SoC MediaTek Dimensity 9300 durýar.
Ýene bir ýyldan 5G-Advanced ulgamyny goldaýan smartfon modelleriniň sanynyň 20 birlikden geçmegine, China Mobile kompaniýasynyň bolsa bu döwürde 5.5G ulgamy bilen 300-den gowrak şäheri gurşap almagyna garaşylýar. Ilkinji nobatda, bu Pekin, Şanhaý we Guançžou şäherleri bolar.
5G-Advanced ulgamy 5G-den has tiz bolmagy wada berýär: ol maglumatlary ýükläp almagyň 10 Gbit/s tizligini we 1 Gbit/s tizlik bilen Internet toruna maglumat ýüklemegi üpjün eder. 


18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....