Aprel aýynda Tejen — Mary ýokary tizlikli awtomobil ýoly açylar

  • 30.03.2024 09:20
  • 30k+

Aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy bolar. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabatynda habar berdi.

Aprel aýynda şeýle hem Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy geçiriler.
Belläp geçsek, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda açyldy. 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa awtobanyň Tejen – Mary tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi.
Gurluşyk işlerini üç tapgyrda alyp barmak meýilleşdirildi. Ýoluň üçünji tapgyry Mary – Türkmenabat bölegi bolar.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......