Hytaýda Xiaomi SU7 elektrik ulagynyň satuwy başlandy. Ol bäsdeşlerinden ep-esli arzan bolup çykdy

  • 30.03.2024 11:57
  • 10k+

28-nji martda Hytaýda Xiaomi-niň ilkinji elektrik awtoulaglary – SU7 satylyp başlandy. Täze önüm üçin deslapky sargytlar Hytaýyň 29 şäherindäki 59 dükanda kabul edildi diýip, Autonews ýazýar.

Xiaomi-niň ilkinji elektrik awtoulagy ilki Hytaýyň bazarynda, soňra beýleki ýurtlarda peýda bolar.
Şol bir wagtyň özünde awtoulagyň synag sürülişleri 25-nji martda başlandy.
Xiaomi-iň baş direktory Leý Szýun Xiaomi SU7 -ni Xiaguang Purple reňkde yglan edip, "kuzowy has ýalpyldar ýaly awtoulagyň reňkine ýörite metal tozy goşulýar" diýdi.
Sedanyň uzynlygy 4,9 m, bu, meselem, Hyundai Sonata garanda uzyn diýildigidir. Ol güberçek nagyşly kapot, LED optika, panoramly üçek, işjeň antiganat we bir bloga birleşdirilen yşyklar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Awtoulagda gurlan transponder tölegli ýollarda pul tölemäge mümkinçilik berýär, kamera sürüjini tanaýar we penjiräniň aňyrsyndaky lidar howpsuzlygy üpjün edýär.
Awtoulagyň tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi HyperOS operasiýa ulgamynyň kömegi bilen, Xiaomi-niň smartfonlary we akylly öý enjamlary bilen ýokary derejede integrirlenendigi mälim edildi.
Öň, täze elektromibiliň bahasynyň 69 müň dollardan başlanjakdygy habar berlipdi. Emma ol ondan has arzan bolup çykdy. Awtoulagyň binýatlyk nusgasy 299 at güýji bolan yzky tekerleri hereketli modeli bolar. 73,6 kWt*sag batareýli we 663 km ýol ätiýaçlygy bolan bu nusganyň bahasy 29,9 müň dollar bolar.
Flagman nusgasy bolan SU7 Max 673 at güýji bolan iki motorly güýç gurluşyna, doly priwoda we 800 km ýol ätiýaçlygy bolan 101 kWt*sag akkumulýatora eýe bolar. Bu nusganyň bahasy azyndan 41,5 müň dollar bolar. 
Bu diýildigi, Hytaýyň bazarynda Xiaomi Tesla Model S we Porsche Taycan Turbo elektromobillerinden arzan bolar diýmegi aňladýar. Hut şu ulaglar  Xiaomi-niň esasy bäsdeşleri diýlip hasaplanýardy.

  • Kuwwaty: 300 at güýji (yzky tigri hereketli) / 673 at güýji (ähli tigirleri hereketli)
  • Iň ýokary tizligi: 210 km / sag (yzky tigri hereketli) / 265 km / sag (ähli tigirleri hereketli).

CarNewsChina-nyň berýän habaryna görä, täze önüm ilkinji alyjylardan oňyn seslenme aldy. Onda gelşikli dizaýn, amatly salon, ýokary hilli materiallar bar we baý aýratynlyklara eýe.


düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......