Floridada çagalara sosial ulgamlarda akkaunt açmak resmi taýdan gadagan edildi

  • 29.03.2024 21:25
  • 5.1k+

Floridanyň gubernatory Ron De Santis 14 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial ulgamlarda akkauntlarynyň bolmagyny gadagan edýän kanuna gol çekdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

HB 3 aňlatmasy bilen belli bolan kanunyň çäklerinde 14 ýaşa çenli çagalar indi hiç bir sosial ulgamda akkaunt açyp bilmezler. 14 – 16 ýaş aralygyndaky çagalar bolsa diňe ene-atalaryň rugsady bilen akkaunt açyp bilerler.
Kanunyň täsirine düşýän çagalaryň bar bolan akkauntlary bozular. Bu kanunda akkauntlary aýrylan çagalar üçin öwezini dolma mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Onuň möçberi 10 000 dollara ýetip biler.
De Santis öz kararyny sosial ulgamlaryň çagalara zyýan ýetirýändigi we kanunyň netijesinde ene-atalaryň çagalaryny goramak üçin goşmaça guralynyň boljakdygy bilen düşündirdi.
Kanun 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girmeli. Dogrusy, eýýäm häzir onuň ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen Birinji üýtgetme bilen baglanyşykly çynlakaý meseleleri döretjekdigi çaklanylýar.
Mundan başga-da, Google, X, TikTok we beýleki kompaniýalar bilen baglanyşykly bolan NetChoice tehnologiýa topary kompaniýalardan kanuny berjaý etmek üçin talap edilýän maglumatlary ýygnama derejesiniň Floridanyň ýaşaýjylarynyň gizlinligini howp astyna goýup biljekdigini nygtaýar.


şu gün 00:57
403

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......