Sekuntda 156,3 trln kadr tizlik bilen surata düşürmäge ukyply kamera döredildi

  • 29.03.2024 21:08
  • 15k+

Kanadanyň INRS Énergie Matériaux Télécommunications gözleg merkeziniň inženerleri sekuntda 156,3 trln kadr tizlik bilen surata düşürmäge ukyply dünýäde iň çalt kamerany döretdiler. Kameranyň işi barada Nature Communications žurnalynda giňişleýin gürrüň berildi.

Deňeşdirmek üçin, smartfonlarda iň gowy haýalladyş kameralary haýallatmak üçin sekuntda birnäçe ýüz kadr, professional kinematografiýa kameralary bolsa birnäçe müň kadr ulanýarlar.
Täze kameralar ulgamy SCARF (Swept-coded aperture real-time femtophotography) diýlip atlandyrylýar we öň sekuntda 70 trln kadr tizligine ýetmäge mümkinçilik berýän CUSP (compressed ultrafast spectral photography) tehnologiýasyna esaslanýar. Gözlegçiler bu görkezijini iki esse artdyrdylar we indi SCARF tehnologiýasy çakdanaşa çalt hadysalary, mysal üçin, materiýanyň üsti bilen hereket edýän urgy tolkunlaryny ýa-da janly öýjükleri surata almaga mümkinçilik berer.
Ilkibaşda SCARF ulgamy surata düşürilýän obýektden geçýän lazer şöhlesiniň ultra-gysga impulsyny goýberýär. Soň ol kamera datçigine ýetýänçä ony fokusirleýän, şöhlelendirýän, difraksiýa edýän we kodlaýan birnäçe komponentlerden geçýär. Soňra impuls maglumatlara öwrülýär, olardan kompýuter gutarnykly şekili emele getirýär. 

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.6k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.6k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......