Apple WWDC 2024-iň geçiriljek senesini yglan etdi. Onda iOS 18 we beýleki täzelenmeler görkeziler

  • 28.03.2024 14:48
  • 3.3k+

Apple döredijileriň bütindünýä konferensiýasy bolan WWDC 2024-iň geçiriljek senesini yglan etdi. Mail.ru-nyň habar bermegine görä, şu ýyl bu çäre 10-14-nji iýun aralygynda onlaýn formatda geçiriler.

10-njy iýunda, ilkinji gün Apple Park-da myhmanlar üçin ýörite offlaýn çäre geçiriler.
WWDC 2024-de kompaniýa iOS 18, macOS 15, watchOS 11 ýaly we beýleki täze operasiýa ulgamlaryny hödürlär.
iOS 18-e aýratyn üns berler, ol emeli aň opsiýalary bilen täzelener diýlip garaşylýar.
Birnäçe çeşmeler Apple-iň Google Gemini-ni ýa-da ChatGPT-ni iOS 18-e goşup biljekdigini habar berdi.


şu gün 00:14
853

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.9k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...