80-ne çenli ýolagçy we sagatda 2000 km. Sesden ýyndam Overture laýneriniň prototipiniň ilkinji uçurylyşy

  • 28.03.2024 14:38
  • 16k+

Boom Supersonic kompaniýasy sesden ýyndam Overture ýolagçy uçarynyň prototipi bolan XB-1-iň ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Synag uçuşy Kaliforniýanyň Mohave çölündäki howa menzilinde geçirildi diýip, New Atlas habar berýär.

Synaglaryň esasy maksady - sesden ýyndam Overture reaktiw ýolagçy uçarynda ulanyljak tehnologiýalary işläp taýýarlamak we synagdan geçirmek.
Overture 64-80 ýolagçyny gatnadar we häzirki zaman uçarlaryndan iki esse çalt uçar. Mysal üçin, Nýu-Ýorkdan Londona çenli uçuş bary-ýogy 3,5 sagat dowam edýär. Mundan başga-da, uçar parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp, ekologiýa taýdan 100% arassa awiasiýa ýangyjynda işlär.
Synag wagtynda ganaty 6 metr bolan 19 metrlik XB-1 uçary 2170 metr belentlige galdy we tizligi sagatda 440 km-ä ýetdi.
Synag uçuşynyň esasy maksady - XB-1-iň uçuş we gonuş ukybyny görkezmekdir. Geljekde aerodinamiki aýratynlyklary tassyklanandan soň, XB-1 1 Mah-dan (sagatda 1225 km) geçýän  sesden ýyndam derejä ýetýänçä ýuwaş-ýuwaş tizligini ýokarlandyrar.
Overture-iň döredijileri kompýuter modelirlemesini ulanyp, uçuş we gonuş wagtynda hem-de sesden ýyndam tizlikde uçan mahalynda ony howpsuz we durnukly etmek üçin XB-1-iň gurluşyny optimallaşdyrdylar.
Overture 2003-nji ýylda Concorde ulanyşdan aýrylany bäri ilkinji täjirçilik super gämisi bolup biler. Gury ýeriň üstünden uçup barýarka uçar sesini peseltmek üçin, takmynan, 1  Mah tizlikde hereket eder we ummanyň üstünden uçup barýarka bolsa tizligini iň ýokary 1,7 Mah-a (sagatda 2000 km) çenli artdyrar.
2026-njy ýylda Overture-niň ilkinji uçuşyny amala aşyrmak we 2029-njy ýylda bolsa ony ulanyp başlamak meýilleşdirilýär. Eýýäm oňa 130 sargyt bar we American Airlines-den, United Airlines-den и Japan Airlines-den deslapky sargytlar alyndy diýip, Boom Supersonic belleýär.

düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.9k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......