Saud Arabystany Ýakyn Gündogaryň ilkinji zenan roboty “Sarany” görkezdi

  • 28.03.2024 13:56
  • 26k+

Saud Arabystanynda QSS AI & Robots kompaniýasy "Sara" atly gumanoid roboty hödürledi. Bu ýurduň, megerem, tutuş Ýakyn Gündogaryň ilkinji gumanoid zenan robotydyr diýip, Business Insider-e salgylanýan Mail.ru ýazýar.

“Sara” boýy 1,62 metr bolan 25 ýaşly gyz ýaly görünýär. Onuň egninde Saud Arabystanynyň milli eşigi bar.
"Sara" arap we iňlis dillerinde gepleýär. Onuň diline ýerli programmistler tarapyndan işlenip düzülen maşyn öwreniş modeli jogapkärdir. Öndüriji köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda “Sara” döredilende ChatGPT ýaly meşhur nerw ulgamlaryny ulanmandyklaryny aýtdy.
"Sara" Saud Arabystanynda doly dizaýn edildi we döredildi. 2017-nji ýylda ýurt eýýäm “Sofia” atly gumanoid-roboty hödürledi, ýöne ol Gonkongda öndürilipdi. Patyşalyk "Saranyň" kömegi bilen robot we emeli aň pudagynda gazanan üstünliklerine ünsi çekmek isleýär.
Ýaňy-ýakynda mart aýynyň başynda QSS AI & Robots erkek robot “Muhammet” bilen tanyşdyrandygyny bellemelidiris.


düýn 19:55
3k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

düýn 18:07
3.9k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.7k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
7.6k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....